Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde gyşky sagat düzgünine geçildi. Günüň ýagtylygyndan has köp peýdalanmak maksady bilen wagt gyşyna bir sagat yza süýşürilýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynda köp ýyllardan bäri ulanylýan bu düzgün 2001-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginde kanunlaşdyryldy. Bu düzgüne görä, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde sagatlar bir sagat süýşürilýär.
Geljek ýylyň 29-njy aprelinde sagatlar öňe süýşürilip, ýene öňküsi ýaly bolar. Şeýlelikde, irden Gün ozalky günlerden ir dogýar, gijesine has ir garaňky düşýär. Bu bolsa Günüň ýagtylygyndan has netijeli peýdalanmaga we ýagtylyk üçin sarp edilýän elektrik energiýasyny tygşytlamaga ýardam edýär. Bu düzgünden, esasan hem, Demirgazyk ýarym şardaky Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýurtlarynda, şeýle hem Müsürde, Täze Zelandiýada hem-de Awstraliýanyň birnäçe sebitlerinde peýdalanylýar.
