Gültahýalary diňe gyz maşgalalar geýýärler. Bu naýbaşy başgabymyzyň mertebesi geýliş düzgüninde hem ýüze çykýar. Gözeller tahýalary saçlaryny iki örüp, öňüne atyp geýýärler. Ene-mamalarymyz ýaşlyk ýyllarynda ýogyn şamar saçlaryny dört örüp, tahýa geýenlerinde döreýän milliligiň gaýtalanmajak nusgasynyň ýürekleriň gobsundyrmagy bilen ençeme goşgy-gazallar döräpdir. Gültahýalar gupbaly we gupbasyz, şaýly we şaýsyz geýlipdir. Kiçijik gyzjagazlara şaýsyz gupbajyklar oturdylan tahýalar geýdirilipdir. Dokma dokalanda, keşde çekilende gyz-gelinler ýönekeýräk kümüş şaýly tahýalary geýipdirler. Toý-märekede, milli baýramlarymyzda geýlen gyz tahýalary etegindäki şaýlary, çekelikleri bilen gözellerimizi has-da gözel görkezipdirler. Gültahýalary saçyňy arkada toplap ýa-da bir örüp geýmek ilimizde oňlanmaýar. Tahýanyň bir tarapyny epläp geýmek asla halanylmaýar. Gyz gelşigi bolan gültahýalaryň sarpasy elmydama belent tutulýar. Ol diňe bir başgap hökmünde däl, eýsem, ýaşlaryň gyzlyk buýsanjy hökmünde hem ilimizde has arzylanýar. Toý güni başy gupbaly hem tahýaly gyzy göreniňde, Asmandaky hüýr-melekler Zemine düşläp, ynsan keşbine girdimikä diýýärsiň. Toý gününiň ertesi gelne baş salnanda bolsa örüm-örüm saçlaryň serpaý-sylagy ýetirilip, arka atylmak bilen gültahýaly möwsüm tamamlanyp, öz ornuny zenan maşgala mahsus başgaplar bilen çalyşýar.
Türkmen gözelleri keşdeçilik sungatynyň iň gadymy görnüşlerini tahýalara siňdiripdirler. «Gülýaýdy», «sekdirme», «guşgözi», «sekizkeşde», «çopanýoly», «süňşük» ýaly nagyşlaryň hersiniň öz taryhy bar. Şeýle nagyşlarda halkymyzyň watanperwerliginiň, zähmete bolan söýgüsiniň, tebigat bilen sazlaşygyň, maşgala wepalylygynyň, özara sylag-hormatyň many-mazmuny jemlenýär. Tahýalar biçilip tikilende niýetlenen adamyň kellesiniň ölçegine görä alynýar. Keşdelenende sapaklaryň reňkine görä, ilki garalanyp hem gyzyllanyp, soňra sary, ak ýaly açyk sapaklar bilen geçilýär. Tahýalar ýaş aýratynlygyna görä geýilýär.