«Gyzgyn doňdurma» diýen jümläni eşitmegiň geňdigi bilen ylalaşarsyňyz. Altyn reňkli, gyrymsy gabykly, içi bolsa sowuk kremli doňdurma bar.
DÜZÜMI
Size 200 g doňdurma, 50 g çilek, 50 g ananas, 100 g karamel tagamly mekgejöwen ýagy, 1 ýumurtga, gyzdyrmak üçin 200 ml ösümlik ýagy we 100 g şokolad gerek bolar.
TAÝÝARLAMA
Doňdurmany biraz ýumşadyň, ownuk dogralan miweler bilen garyşdyryň we diametri 3-4 sm bolan toplary ýasaň. Soňra bir sagatlap doňduryň.
Soňra mekgejöwen dänelerini owratmaly. Gatan toplary çörek owuntyklary bilen örtüň we ýene 45 minutlap sowadyjyda saklaň. Gyzdyrmazdan öň bolsa ýumurtga batyryň. 180 gradus gyzgynlyk temperaturasynda 15 sekuntlap gyzardyň.
Üstüne ereýän şokolady guýuň we dessine bereketli saçagyňyzda ýerleşdiriň!.

Show more