Bambuk agajy 24 sagadyň dowamynda 3 metre çenli ösüp bilýär.
Amerikaly meşhur dramaturg William Şekspir bilen ispaniýaly ýazyjy Migel de Serwantes 1616-njy ýylyň 23-nji aprelinde bir günde aradan çykypdyr.
Şekspiriň döwründe zenan aktrisalar bolmandyr, diňe erkek artistler bolupdyr.
Dünýäde iň kiçi ýurt hasaplanýan Watikan döwletinde 1983-nji ýylda bir çaga hem dünýä inmändir.
Ýer ýüzünde çagalaryň söýgüsini gazanan «Uolt Disney» şereketiniň eýesi multfilmdäki Mikki Mous atly personaža ilkinji gezek özi ses beripdir.
Her ýylda dünýäde 567 milliard towuk ýumurtgasy iýilýär.
Aç möjek 10 kg et iýýär, ýöne onuň gündelik iýmiti üçin 2 kg ýeterlik.
Adam bütin ömrüniň dowamynda 40 tonna çemesi dürli azyk önümlerini iýýär.
Bary-ýogy bir damja nebit 25 litr suwy içmäge ýaramsyz hala getirýär.
Hytaý diwarynyň gurluşygy 1700 ýyl dowam edipdir.
Aleksandr Makedonskiý öz goşunyndaky 30 müň esgeri ýüzünden tanapdyr.
Bir aýsbergiň agramy ortaça 20 million tonna barabardyr.
Adamyň ýüregi bir ýylda ortaça 36 800 000 gezek urýar.
Eýfel diňiniň 1792 basgançagy bar.
Bir balarysy bir kilogram bal ýygnamak üçin 2 million gülden nektar ýygnaýar.
Dünýäniň iň uly we iň yssy çöli hasaplanýan Saharada diňe bir gezek, ýagny 1879-njy ýylyň 18-nji fewralynda gar ýagypdyr.
Bir senenama aýynyň dowamlylygy 30 gije-gündiz 10 sagat 29 minut 4 sekunda barabardyr.
