«Weneranyň sallançagy» — gülleriň seresi

MilliInfo

5 Ýanwar, 2026

Ösümlik dünýäsinde iň täsin gülli ösümlikleriň biri-de anguloýa hasaplanylýar. Bu ösümlik halk arasynda köplenç «Weneranyň sallançagy» diýen at bilen tanalýar. Anguloýa (latynça «Anguloa») – orhideýalar maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk otjumak ösümlik bolup, Günorta Amerikanyň Wenesuella, Kolumbiýa, Ekwador we Peru sebitlerinde  giňden ýaýrandyr. Tebigatda anguloýanyň 9 görnüşiniň hem-de 5 gibridiniň bardygy alymlar tarapyndan bellige alyndy.

Bu ösümlige «anguloýa» diýen ylmy ady 1794-nji ýylda ispan botanikleri I.Ruis Lopes we H.Pawon dakýar. Şeýlelikde, bu at Peruwda ýaşap geçen syýahatçy Fransisko de Angulonyň hormatyna dakylýar. «Weneranyň sallançagy» atly täsin ösümlik özüniň açyk reňki bilen tapawutlanýar we daşky görnüşi boýunça has owadan bolup, tebigata özboluşly bezeg berýär. Bu ösümlik çygly ýerlerde bezeg hökmünde hem ösdürmäge amatlydyr.

Çalaja şemal bolan ýagdaýynda «Weneranyň sallançagy» ösümliginiň  güljagazlary edil sallançak ýaly gymyldap başlaýarlar. Şonuň üçin hem, halk arasynda bu ösümlik «Sallançak orhideýasy», «Weneranyň sallançagy», «Sallançakdaky bäbejik» ýaly atlar bilen bellidir. Käbir çeşmelerde ösümlik «orhideýa çigildemi» diýlip hem atlandyrylýar. Sebäbi onuň gül ýapraklary edil çigildemiň gül ýapraklary ýaly biri-birine örän jebis ýerleşendir.

«Weneranyň sallançagy» litofit (grekçe «litos» — daş, «fiton» — ösümlik), ýagny daşly ýerlerde ösmegi halaýan ösümlikdir. Tebigatda bu orhideýa ösümlik bilen örtülen belent gerişlerde köp duş gelýär. Has köp ýaýran ýeri-de And daglarynyň 1800-2500 metr aralygyndaky beýikligidir. Bu ösümligiň kökleriniň çyglylyga bolan talaby diýseň güýçlidir. Howanyň gurak bolan döwründe ol dessine ýapragyny döküp ugraýar.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info