Her bir halkyň öz milli nyşany bolýar. Hindi halkynyň şeýle nyşanlaryň biri hem hindi aýal-gyzlarynyň lybasy bolan saridir. Bu lybas hindi halkynyň milli buýsanjynyň, medeni mirasynyň we baýlygynyň bir bölegi hasaplanylýar.
Siwilizasiýa döwründe ýüze çykan hindi sarisi ilki Nil derýasynyň töwereginded ruhanylaryň geýmegi üçin döredilipdi. Terjime edilende «sari» ýa-da «sati» sözi «uzyn mata» diýmegi aňladýar. Sari matasy 4-5 metrden tä 12 metre çenli uzyn bolup bilýär. Ruhanylar kitabynda diňe bir aýallaryň däl, eýsem, erkekleriň hem sari geýýändigi barada aýdylýar. Soň-soňlar tansçylar tans edende matany aýaklarynyň arasyna saklap ulanypdyrlar. Käbir alymlar sariniň ilkinji nobatda erkek adamlaryň eşikleri bolandygyny öňe sürýärler.
Rowaýatlara görä, bir ýaş dokmaçy ýigit gözel gyza aşyk bolupdyr we stanogyň başynda işläp oturan wagty söýgüli gyzy hakda arzuw edipdir. Şeýlelik bilen, ol pikire batyp uzyn bir matany dokapdyr we söýgülisine sowgat edipdir. Gyz özüni sari bilen örtýär. Sariniň döreýşi hakynda şeýleräk tymsal beýan edilýär.
Sari zenan eşigi hökmünde modaçylaryň arasynda hem uly meşhurlyga eýedir. Owadanlygy bilen ünsi çekýän we haýrana goýýan hindi sarisini geýnen aýal-gyzlar has-da gözel görünýär.
Sari dürli reňkleri bilen tapawutlanyp, onuň öwüşgini zenanyň emlägini, maşgala we sosial ýagdaýyny kesgitlemek mümkinçiligini döredýär. Hindistanda her bir reňk haýsydyr bir aýratynlygy aňladýar. Ýagny, gyzyl gülläp ösmegiň reňkidir, bu reňk köplenç toý-dabaralarda geýilýär. Sary hasyllylygyň nyşanydyr. Bu reňki eneler çagalary dünýä ineninden soň geýýärler. Mämişi gowylyk getirýän reňkdir. Dul zenanlar bolsa ak sarileri geýýärler. Mawy sarileri aşaky gatlakdaky zenanlar geýýändirler. Sarilerde ulanylan nagyşlar bolsa aýallar hakyndaky ähli zady aýdyp biler.
Sari geýmek ukyby ajaýyp sungatdyr. Gyzlar muny çagalykdan öwrenýärler. Ony geýmegiň on bäş töweregi usuly bar.
Show more