Hor çekýänler üçin akylly ýassyk

MilliInfo

7 Iyul, 2026

Hor çekýänler üçin akylly ýassyk

Mälim bolşy ýaly, hor çekmek köpçülikde giň ýaýran meseleleriň biri bolup durýar. Elbetde, güýçli hor çekmek ýanyňdakylara rahat uky almaga päsgel berýär. Şunlukda, hor çekýän adamlar üçin emeli aňyň üsti bilen akylly ýassyk oýlanyp tapyldy.

«Motion Pillow» atly golçur şereketiniň ýasan bu akylly ýassygy ep-esli derejede hor çekmegiň öňüni almaga ýardam berýär. Bu akylly ýassyklar çykýan sesi anyklaýar we çişmek bilen bolýar. Akylly ýassyk ýatan adamyň kellesi kadaly ýagdaýa gelýänçä öwürýär.

«Motion Pillow» şereketi bu akyllygy ýassyklaryň ähli lukmançylyk we kliniki synaglardan üstünlikli geçendigini we birnäçe ulanyjylaryň hor çekmeginiň öňüni alandygyny mälim edýär.

Akylly ýassyklar «Sarp ediji tehnologiýa birleşiginiň innowasiýa baýragyny» hem almagy başardy. Bu baýrak her ýyl ABŞ-nyň Las Wegas ştatynda geçirilýär. 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info