Hüwdüler barada

MilliInfo

15 Fewral, 2026

Hüwdüler halk döredijiliginiň in bir giň ýaýran we her bir türkmene gönüden-göni dahylly şahyrana görnüşleriň biridir. Hüwdüler has kiçi ýaşdaky çagalaryň rahat uka gitmegi üçin, esasan, sallançagyň ýanynda eneler tarapyndan aýdylýan aýdymlardyr. Onda çaganyň ene-atasynyň, dogan-garyndaşlarynyň gyzgyn mährini, söýgüsini, isleg-arzuwlaryny görmek bolýar. Hüwdülerde Allatagallanyň atlarynyň gaýtalanyp gelmeginiň çuň manysy bar we ol köklerini gadymy zikirden alyp gaýdýar. Şonuň üçinem, bu aýdymlaryň (hüwdiniň) umumy adynda diýseň çuň many-mazmun bardyr. Gadymky «Huw-Hüw» diýlen aňlatma soňra türkmen halk döredijiliginde hüwdi görnüşinde aýratyn bir žanryň ady bolup galdy. Hüwdüler köplenç garry eneler, mamalar, çaganyň ejesi, gyz doganlary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Hüwdüde perzende bolan söýgi ýaňlanýar. Olar ene mährinden döreýär we özbaşdak ýerine ýetirilýär. Hüwdülerden mysal:

Aýlanaýyn adyňdan,
Sallançakda badyňdan,
Bezenip ata çyksaň,
Çykarmagyn ýadyňdan.
Huwwa-huw...

Biziň jemgyýetimizde çaganyň tutýan orny hüwdülerde örän aýdyň şöhlelenipdir. Eneleriň hüwdüleri köp türkmen şahyrlary üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Birnäçe şahyrlar ene hüwdüsiniň äheňlerine öýkünip we olary öz döredijiliginde gaýtadan işläp, halkyň söýgüli aýdymlaryna öwrülen ajaýyp şygyrlary hem döretdiler. 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info