Dünýäde ilat sanyna we tutýan meýdanyna görä dürli-dürli bolan 100 müňden gowrak şäher bar. Söwda we senagat taýdan ösen bu medeni merkezleriň her haýsy özüne mahsus tebigaty, taryhy ýadygärlikleri we gastronomiýasy bilen syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. London, Pariž, Walletta ýaly şäherleri bir günde aýlanyp bolýan bolsa, Barselona, Stambul, Praga, Tokio, Bangkok ýaly şäherleri dolulygyna gezelenç etmek üçin azyndan 3-4 aý gerek. Megapolisleriň käbiri ululygy taýdan tapawutlansa, käbiri kiçijik meýdany bilen ünsi özüne çekýär. Şeýle şäherleriň biri hem Ýanszin hasaplanýar.
Ýunnan welaýatynyň günorta-günbataryndaky Wumeng daglarynyň kert eteginde ýerleşýän Ýanszin şäheri Hytaýyň iň dar şäheri hasaplanylýar. Şäheriň ininiň iň giň ýeri 300 metre, iň dar ýeri bolsa bary-ýogy 30 metre ýetýär. Iki tarapy dik gaýalar bilen gurşalan dar şäher Guan derýasynyň iki tarapyndan uzalyp gidýär. Çžaotun şäheriniň bir bölegi bolan Ýanszinde ulag serişdeleri çäkli ýagdaýda hereket edýär. Bu ýerde ýekeje awtoulag ýoly bolup, Neýkun demir ýolunyň bir şahasy Ýanszin şäheriniň üstünden geçýär. Haýal hereket edýän ýaşyl otly ýerasty geçelgäniň içinden geçip, gaýalaryň etegindäki gysylan şähere barýar. Şäherde gatnaw serişdesi hökmünde, esasan, gämi ýa-da gaýyk peýdalanylýar. Ilat üçin zerur bolan duz, çaý ýaly harytlardyr ýük serişdeleri Guan derýasy arkaly getirilýär.
Daş-töweregi tokaýa bürenen şäheriň meşhur ýerleriniň arasynda Meier dagy, Douşaguan sahna meýdançasy, Wuçi gadymy ýoly ýaly ýerler bar. Ýanszine barýan syýahatçylar Hongda, «New Century» we «Huayao» myhmanhanalarynda galyp bilýärler. Hytaýyň dar şäherine her ýyl müňlerçe syýahatçy barýar.
