Ibn Sina – beýik akyldar, alym hem lukman

MilliInfo

14 Dekabr, 2025

Gündogaryň beýik akyldary Abu Aly Ibn Sina 980-nji ýylda Buharanyň golaýyndaky Afşana diýen obada dünýä inýär. Ibn Sina ylmy işlerini Merkezi Aziýanyň belli ylym-bilim ojaklarynda, Köneürgençde hem-de Nusaýda ýazypdyr. Ol taryhda iň köp kitap ýazan beýik alymlaryň biri hökmünde tanalýar. Akyldar özüniň ilkinji mugallymy Abu Nasr Al Faraba özüniň halypasy hökmünde garap, oňa uly sarpa goýupdyr. Ibn Sinanyň ömrüniň köp bölegi dürli ýerlere guralan saparda geçipdir we eserleriniň aglabasyny şol saparlar wagtynda ýazypdyr. Döreden eserleriniň agramly bölegi filosofiýa, lukmançylyk we ylmyň beýleki dürli ugurlaryna degişli bolup durýar. Ol Gippokratyň, Galeniň Könürgenç, Merw, Buhara şäherleriniň iri kitaphanalarynda saklanan lukmançylyk bilen bagly arap diline terjime edilen eserlerini diýseň içgin öwrenipdir. Ibn Sina heniz 21 ýaşynda wagty ilkinji uly göwrümli kitaby bolan «Al-Majma» (ýygyndy) atly eserini ýazypdyr. 

Ibn Sina 32 ýaşynda Köneürgenje göçüp gelipdir we bu ýerde Abu Reýhan Biruny, Ibn Yrak, Mäsihi ýaly alymlar bilen tanyş bolupdyr. Akyldar şol ýerden soň Nusaý we Abywert şäherlerinde hem birnäçe ýyl ýaşapdyr. Jürjen şäherinde ol 46 sany ylmy eserini hem meşhur «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eseriniň birinji bölümini ýazypdyr. Alymyň has önjeýli işlän ýerleriniň biri-de Yspyhan şäheridir. Ol bu şäherde «Logika», «Almagest», «Danyşnama» atly pelsepewi eserlerini ýazyp tamamlapdyr. 

 Häzirki wagtda hem ýurdumyzda beýik alymyň bize miras goýan gymmatly ylmy işlerini içgin öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek babatda möhüm işler geçirilýär. Halkymyzyň arasynda «Her keseliň emini doglan ülkäň  topragyndan  gözle» diýen paýhasly pikir bar. Güneşli  ýurdumyzyň paýyna düşen baý tebigatymyzda bitýän dermanlyk ösümlikler halkymyzyň, nesilleriň sagdyn we uzak ýaşamagynyň gözbaşydyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň güneşli Diýarymyzyň dermanlyk ösümlikleri  hakynda degerli maglumatlary özünde jemleýän «Türkmenistanyň  dermanlyk  ösümlikleri» atly  köp jiltli ylmy işi, şeýle-de «Türkmenistan – melhemler  mekany» atly kitaby lukmançylyk ulgamynda gymmatly gollanmadyr. 

 

 

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info