Ilkibada tankyt edilip, soňra kino klassikasyna öwrülen film

MilliInfo

45 minut öň

Ilkibada tankyt edilip, soňra kino klassikasyna öwrülen film

Alfred Hiçkokyň «Baş aýlanma» («Vertigo») filmi 1958-nji ýylda tomaşaçylara hödürlenende tankytçylaryň garaýşy birmeňzeş bolmandyr.

Käbir tankytçylar filmiň wakalaryny aşa çylşyrymly we haýal diýip hasaplapdyrlar. Emma ýyllar geçdigiçe filme bolan garaýyş düýpgöter üýtgäpdir. 2012-nji ýylda «Sight & Sound» žurnalynyň meşhur tankytçylar sanawynda film birinji orny eýeläpdir.

Şeýlelikde, ilkinji döwürde tankyt edilen film soňra dünýä kinosynyň iň meşhur klassyklarynyň birine öwrülipdir.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info