Ilkinji krossowkalar

MilliInfo

3 sagat öň

XVIII asyryň ahyrynda adamlar «kanwas» aýakgaplary diýlip atlandyrylýan kauçuk aýakgaplary geýýärdiler, ýöne olaryň daşky görnüşi gaty gödekdi we sag, çep aýaklara bölünişik ýokdy. Ilkinji aýakgaplar 1895-nji ýylda Jozef William Foster tarapyndan ýasaldy.

Takmynan, 1892-nji ýylda «KEDS» diýlip atlandyrylýan Amerikan Kauçuk kompaniýasy üsti matadan tikilen has amatly rezin aýakgaplary oýlap tapdy. 1917-nji ýyla çenli bu aýakgaplar köpçülikleýin öndürilip başlandy, iňlislerden «krossowka» adyny aldy, sebäbi olary geýen adam ýörän mahaly hiç hili ses çykarmaýan eken.

1920-nji ýylda Germaniýada nemes telekeçileri Adolf we Rudolf Dassler sportuň ylgamak görnüşini taýýarlamak üçin aýakgap öndürýän zawod gurdular.

1930-40-njy ýyllarda aýakgap kompaniýalary sportuň her bir görnüşi üçin aýratyn aýakgap öndürip başladylar. Ilkinji tennis aýakgaplary Fransiýada öndürildi.

1950-nji ýyllarda ABŞ-da demografiki ösüş sebäpli, krossowkalar ýeňil we amaly aýakgap hökmünde meşhurlyk gazandy. Şol döwürde bu önümler nusgawy deri aýakgaplary bilen deňeşdirilende, gaty gymmat däldi. 20-nji asyryň birinji ýarymynda sport aýakgaplary, esasan, sport üçin geýilýärdi. Emma 50-nji ýyllarda Jeýms Diniň baş keşbi janlandyran meşhur «Sebäpsiz gozgalaň» filmi çykandan soň, bu önümi çagalar hem geýip başladylar.

1960-njy ýyllaryň başynda käbir krossowkalar Ýaponiýadan ABŞ-nyň bazaryna getirildi. Şol wagt «Nike» ady bilen ýapon aýakgaplary import edilip başlandy.

1970-nji ýyllarda Amerikanyň kärhanalarynda sport bilen meşgullanýanlardan başga-da, beýleki raýatlar üçin hem krossowkalar öndürilip başlandy. Köp tanymal şahsyýetler hem köpçülige krossowka geýip çykyp başladylar. Eýýäm 1990-njy ýyllarda dünýäniň köp aýakgap kompaniýalary krossowka önümçiligine geçdiler. Bu döwürde «Adidas», «ASICS»,  «Fila», «Gola», «Nike», «Puma» we «Reebok» ýaly markalar krossowka pudagynda öňdebaryjy aýakgap brendlerine öwrüldiler.  

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info