Hindistanyň Nagpur şäherinden 17 ýaşly Hiten Dharpure uzynlygy bary-ýogy 39,25 millimetr bolan robot goluny döretdi. Bu 4 santimetrden hem kiçidir. Enjam resmi taýdan «Guinness World Records» tarapyndan dünýäniň iň kiçi robot goly hökmünde hasaba alyndy.
Robotyň ölçegi örän kiçi bolsa-da, ol diňe bir görnüş däl. Enjam üç ugur boýunça hereket edip, takyk hereketleri ýerine ýetirip bilýär. Hiten robotyň gurluşyny CAD programma üpjünçiliginde taslap, zerur böleklerini 3D printer arkaly taýýarlapdyr.
Roboty dolandyrmak üçin kiçi hereketlendirijiler we Arduino esasly elektron ulgam ulanylýar. Kiçi göwrümi sebäpli, enjamyň her bir elementiniň ýerleşişini örän takyk meýilleşdirmek zerur bolupdyr.
Hiten bu taslamanyň üstünde öýündäki kiçijik iş otagynda işläpdir. Ondan öňki dünýä rekordy 44,49 millimetr bolupdyr. Şeýlelikde, ýaş oýlap tapyjy öňki netijäni 5,24 millimetr ýokarlandyrmagy başarypdyr.
Hiteniň pikiriçe, şeýle kiçi robot ulgamlary geljekde mikrohirurgiýada, lukmançylykda we ýokary takyklyk talap edýän beýleki ugurlarda peýdalanylyp bilner.

Show more