Iň owadan öý ösümlikleri: Olar gyşda gülleýärler

MilliInfo

12 Noýabr, 2025

Biziň bu günki ýazgymyzy öý ösümliklerini söýýänler üçin taýýarladyk. Şol sebäpden hem, okyjylarymyza gyşda gülleýän iň owadan ösümlikleriň sanawyny hödürleýäris.

Ananaslar maşgalasyna degişli bolan bu ösümligiň gülleri örän üýtgeşik. Ýaş şahalary bolan ösümlikleri saýlaň. Ananas ösümlikleri diňe bir gezek gülleýär.

Azalealar dürli reňkler bilen begendirýär. Olar noýabrdan aprele çenli gülleýärler. Azalea öýde ýetişdirmek üçin amatly.

Anturiumlaryň açyk gyzyl reňkdäki nusgalary, şeýle hem gülgüne reňkli görnüşleri bar. Olar dürli görnüşleri we ölçegleri bilen tapawutlanýarlar. Erkek görnüşler öýde ösdürmek üçin has-da amatlydyr.

Miniatýur güller dürli reňkli inçe güllerdir. Olar birnäçe wagtdan soň solýarlar. Bu güller gülleýän wagtynda ýygy-ýygydan ýapraklaryna gözegçilik etmek we dökün bermek gerek.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info