Bir gezek Hezreti Bahaweddin Nagyşbendiden keramat görkezmegini sorapdyrlar. Ussat ulama ýerinden galypdyr-da, ýeňillik bilen bäş-alty ädim ýöräp, ýene öz ýerinde oturyberipdir. Muňa syn edenler hiç hili keramaty görmedik ýaly geň galyp, bilesigelijilik bilen ulamadan bu hereketiň hikmetini düşündirmegini haýyş edipdirler. Şonda Hezreti Nagyşbendi :
— Iki egnim bilen dag ýaly günälerimi göterýärkäm, guş ýaly ýeňil ýöremegimiň özi iň uly keremat dälmi?! — diýip, parasatlylyk bilen jogap beripdir.
I

Show more