Hamal (21.03 — 20.04)
Bu gün siz guramaçylyk häsiýetleriňiz bilen, ünsüňizi jemläp bilýän we uly işi ýerine ýetirip biljek ýagdaýda bolarsyňyz.
Sowur (21.04 — 20.05)
Täze gün tehniki we hyzmatlar pudagynda zähmet çelýänler hem-de gurluşykçylar üçin haýyrly bolar.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Bu günki sizi ýaltalyk gurşap alyp biler we munuň saglygyňyz hakynda nämedir bir zatlary habar berýän bolmagy mümkin.
Seretan (22.06 — 22.07)
Bu gün siz toparyň bir bölegine öwrülersiňiz. Agyr we kän zähmet talap edýän işlere girişmek maslahat berilmeýär.
Eset (23.07 — 23.08)
Bu gün siz batyr, işjeň we ruhubelent, şonuň üçin hem, ähli başlangyçlaryňyz üstünlik getirer.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Ýolbaşçylaryňyz bilen agyr gürrüňdeşlik bolmagy mümkin, emma olaryň ählisi siziň peýdaňyza çözüler.
Mizan (24.09 — 23.10)
Bu gün ýakynlaryňyz we garamagyňyzdakylar bilen gapma-garşylyklardan gaça durmak üçin sabryňyzy hem-de kanagatyňyzy görkezmek zerurdyr.
Akrap (24.10 — 22.11)
Islendik maliýe meselesinde anyk çözgüt kabul etmekden saklanyň, şeýle resminamalaryň hiç birine gol çekmäň.
Kowus (23.11 — 21.12)
Bu gün ruhy deňagramlylyk ýaranyňyz bolar, şol bir wagtyň özünde hem, saglygy berkitmäge gönükdirilen çäreler üçin oňaýlydyr.
Jedi (22.12 — 20.01)
Sentýabrda işiňizde ýalňyşlyklara ýol bermäň.
Daluw (21.01 — 20.02)
Günüň birinji ýarymy has netijeli bolar, şonuň üçin hem, iň bir jedelli meseleleri günortana çenli çözmek maslahat berilýär.
Hut (21.02 —20.03)
Döwlet edaralarynda bolmak üçin şowly gün — möhüm meseleler hiç bir bökdençsiz çözüler.
Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!
Show more