Jeýson Steýtem ýene söweşe çykdy: täze film eýýäm kinoteatrlarda we kino platformalarynda!

MilliInfo

24 Awgust, 2026

Jeýson Steýtem ýene söweşe çykdy: täze film eýýäm kinoteatrlarda we kino platformalarynda!

Jeýson Steýtem täze «Pitne» (Мятеж) atly filmde baş keşpde çykyş edýär. Film 2026-njy ýylyň 21-nji awgustynda kinoteatrlarda görkezilip başlady.

Filmde Steýtem Koul Rid atly öňki harby gullukçynyň keşbini janlandyrýar. Filmiň esasy wakalary ýük gämisinde bolup geçýär. Şonuň üçin hem, tomaşaçylara Jeýson Steýtemiň söweşleri, yzarlamalary we dürli howply ýagdaýlardan çykmaga synanyşyklary garaşýar.

«Pitne» — bu 1 sagat 35 minutlyk hereket-triller kinosydyr. Filmde Jeýson Steýtem bilen birlikde, beýleki meşhur aktýorlar hem çykyş edýär.

Şeýlelikde, Jeýson Steýtem ýene-de özüne mahsus hereketli film bilen tomaşaçylaryň öňüne çykdy. Ýöne bu gezek onuň keşbindäki gahryman diňe duşmanlary ýeňmeli däl, eýsem, özüne bildirilýän aýyplamadan hem halas bolmaly.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info