Jeki Çan Baku bilen hoşlaşýar: täze filmiň Azerbaýjandaky böleginiň surata düşüriliş işleri tamamlandy

MilliInfo

26 Awgust, 2026

Jeki Çan Baku bilen hoşlaşýar: täze filmiň Azerbaýjandaky böleginiň surata düşüriliş işleri tamamlandy

Meşhur aktýor we sungat ussady Jeki Çan ýene-de tomaşaçylaryň öňüne çykmaga taýýarlanýar. Ol «Armour of God: Ultimatum» atly täze filmde özüniň meşhur gahrymany Asian Hawk keşbine dolanýar. Filmiň käbir sahnalary Baku şäherinde surata düşürildi. Onuň düşüriliş işleri sanlyja gün mundan ozal jemlendi.

Bu film «Armour of God» toplumynyň dördünji bölümi bolar. Täze filmiň wakalary gadymy we örän gymmatly Tumar atly taryhy tapyndynyň daşynda aýlanýar. Has takygy, filmiň wakalarynda Asian Hawk gadymy Tumar atly taryhy tapyndyny gözleýär. Ony tapyp getirene bolsa 20 million dollardan gowrak sylag wada berilýär. Şonuň üçin hem, filmde hazyna gözlegi, başdan geçirmeler, howply pursatlar we elbetde, Jeki Çanyň söweş sahnalary garaşýar.

Filmiň Baku şäherinde surata düşürilmegi hem aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu Jeki Çanyň Azerbaýjanda ilkinji gezek film önümçiligine gatnaşmagydyr. Filmiň toparynda dürli ýurtlardan gelen hünärmenler işledi, önümçilige bolsa 100-den gowrak ýerli kino işgäri gatnaşdy.

Jeki Çan diňe aktýor bolman, eýsem, öz sungat ussatlygyny görkezip bilýän meşhur kino ýyldyzy hökmünde hem tanalýar. Şonuň üçin täze filmde onuň söweş we hereket sahnalarynyň nähili boljakdygy kino muşdaklarynyň aýratyn gyzyklanýan meseleleriniň biridir.

Azerbaýjandaky surata düşüriş işleriniň tamamlanmagy bilen, filmiň önümçiligi beýleki ýerlerde dowam eder. Täze filmiň 2027-nji ýylda tomaşaçylara ýetirilmegine garaşylýar.

Şeýlelikde, Jeki Çan bu gezek diňe täze filmi bilen däl, eýsem, Baku şäheriniň köçelerinde surata düşürilen sahnalary bilen hem kino muşdaklarynyň ünsüni çeker.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info