Jonni Depp «Skruj» filmi bilen uly göwrümli kino dolandy

MilliInfo

1 sagat öň

Jonni Depp «Skruj» filmi bilen uly göwrümli kino dolandy

«Paramount Pictures» kinokompaniýasy Çarlz Dikkensiň «Täze ýyl aýdymy» powestine esaslanýan giň gerimli taslamany — «Skruj» (Ebenezer) atly gotiki fentezi-filmi tomaşaçylara hödürledi. Filmiň režissýory özüniň atmosferaly işleri bilen tanalýan Taý West.

Wakalar XIX asyryň dumanly Londonynda bolup geçýär. Wakalaryň merkezinde Täze ýyly ýigrenýän we daş-töweregindäki adamlara ýokardan seredýän baý, rehimsiz hem-de gysganç telekeçi Ebenezer Skruj durýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda ol wagtyň içi bilen mistiki syýahata ugraýar: onuň ýanyna Geçmişiň, Şu günüň we Geljegiň syrly ruhlary gelýär. Bu elhenç görnüşler baş gahrymany öz durmuşyna täzeden seretmäge we ozalky ýalňyşlyklaryny düzetmek üçin ikinji mümkinçilik ugrunda göreşmäge mejbur edýär.

Film hakyky ýyldyzly aktýorlar topary kino söýüjileriň ünsüni çekýär:

 

  • Jonni Depp (Johnny Depp) — Ebenezer Skruj

  • Ien Makkellen (Ian McKellen) — Jeýkob Marli (Skrujyň aradan çykan işewür hyzmatdaşy)

  • Rupert Grint (Rupert Grint) — Bob Kretçit (Skrujyň işgäri)

  • Andrea Raýzboro (Andrea Riseborough) — Geçen Roždestwonyň ruhy

  • Tremell Tillman (Tramell Tillman) — Şu Roždestwonyň ruhy

  • Sem Klaflin (Sam Claflin) — Fred (Skrujyň ýegeni)

Jonni Depp üçin bu film soňky ýyllarda Golliwudyň uly studiýa kinosyndaky ilkinji iri iş boldy. Horror-trillerler boýunça tanalýan Taý Westiň režissýorlyk usuly netijesinde film täsirli gotiki atmosfera, garaňky wizual çözgütlere we çuňňur psihologiki manylara eýe bolup, nusgawy Roždestwo ertekisini özüne çekiji mistiki triller görnüşine öwürýär.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info