Käbir zatlary ýatdan çykarmak ünsüňi ähmiýetli zatlarda jemlemäge, möhüm meselelere akylly-başly çemeleşmäge kömek edýär

MilliInfo

2 sagat öň

Täze geçirilen gözleg ýatdan çykarylmagyna sebäp bolýan zadyň beýnimizde maglumat artykmaçlygymyzy anyklamak üçin döredilen howpsuzlyk mehanizmi bolup biljekdigini görkezýär. Başgaça aýdylanda, sagdyn beýni käbir zatlary ýatdan çykarýar. Bu bolsa has akylly bolmaga ýardam berýär.

Alymlar käbir zatlary yzygiderli ýatdan çykarmagyň beýnä rahatlyk berýändigini we onuň işlemeginde möhüm rol oýnaýandygyny belläp geçýärler.

Kanadadaky Toronto uniwersitetiniň iki gözlegçisiniň pikiriçe, ýat iň takyk maglumat däl-de, geljekde akylly karar bermäge kömek edip biljek iň peýdaly maglumatlary berýän gurluşdyr.

Şeýlelikde, alymlar: «Beýni ähmiýetsiz maglumatlary ýatdan çykarýar. Bu bolsa karar bermäge we ünsi jemlemäge kömek edýär. Öňki gözleglerde ýadyň ýitmegini goldaýan mehanizmleriň bardygyny we bularyň maglumatlary saklamaga gatnaşýanlardan tapawutlydygyny görkezýän köp subutnama tapdyk. Biz täze gözleg arkaly ýatlamalary kodlamaga kömek edýän nerwleriň arasyndaky sinaptiki baglanyşyklaryň bilkastlaýyn gowşamagynyň subutnamalary bilen bir hatarda, täze nerwleriň bar bolan ýatlamalary gaýtadan ýazýandyklaryny we olara girmegi kynlaşdyrýandygyny görkezýän alamatlary tapdyk. Ýatdan çykarmak bize zerur däl ýatlamalary goýup, täze ýagdaýlara uýgunlaşmaga kömek edýär» diýip, belläp geçýärler. 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info