Türkmen topragy gadymdan bäri ir-iýmişleriň, miweleriň we gök önümleriň köpdürliligi bilen meşhur bolupdyr. Şolardan iň peýdaly bakja ekinleriniň biri-de kädidir. Halk lukmançylygynda ysgynsyz we tapdan düşen näsaglara kädi iýmek maslahat berilýär. Biz hem şu günki ýazgymyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabynyň ikinji jildinde hödürlenýän türkmen milli tagamlaryndan üwelen etiň kädä salnyp bişirilişi hakyndaky maglumatlary ýetirmegi makul bildik.
Gerekli önümler:
440 gram et
1 kädi
0,5 kilogram düýp sogan
40 gram tüwi
60 gram içýagy
Islege görä duz we hoşboý ys beriji zatlar
Taýýarlanyşy:
Çylka eti düýp sogan bilen et üweýjiden geçirmeli, biraz suw, suwda ezilip goýlan tüwi, dogralan gök ot, düýp sogan, duz, burç goşmaly we gowy edip garyşdyrmaly. Kädiniň depesini kesip aýyrmaly, çigitlerini aýyrmaly, arassalamaly. Kädiniň içine taýýarlanan üwelen etimizi (garyndymyzy) salmaly, üstüni kädiniň kesilip aýrylan bölegi bilen ýapmaly we taýýar bolýança howurpeçde bişirmeli.
