Nädip akyldar bolmaly?

MilliInfo

7 Noýabr, 2025

Gy­şyň so­wuk gün­le­ri­niň bi­rin­de bir adam akyl­da­ryň öýü­ne ba­ryp, on­dan so­ra­ýar:
— Men nä­dip akyl­dar bo­lup bi­ler­käm?
— Sen şol ýa­la­zy meý­da­na çyk-da, duruber — di­ýip, akyl­dar jo­gap ber­ýär.
Ge­ňir­ge­nen adam aý­dy­la­ny­ny et­me­li bol­ýar. Meý­da­na çyk­ýar-da, du­ru­ber­ýär. Şol wagt ho­wa has-da so­waýar, üs­te­si­ne-de, güýç­li ýa­gyş hem ýa­gyp ug­ra­ýar. Ýag­şyň astynda uzak durup üşän adam çy­da­man yzy­na do­lan­ýar. Ol:
— Men aý­dy­şyň ýa­ly da­şar­da dur­dum, mun­dan nä­me ne­ti­je? — di­ýip, akyl­dar­a ýüzlenýär.
— So­wuk ho­wa­da, ýa­g­şa ezi­lip dur­kaň sa­ňa aýan bo­lan zat ýok­my? — di­ýip, akyl­dar so­ra­ýar.
— Ýok-la, nä­me aýan bol­sun ma­ňa? Gaýtam ýagşa ezilip, üşe­dim. Şeýle ýagdaýda özümi akylly-ha saýmadym — di­ýip, ol dig­de­nek­läp­dir.
— Diý­mek, on­da sen uly açyş edip­siň. Eger-de, adam özü­niň akylly däldigini bo­ýun al­sa, diý­mek akyl­dar­ly­ga ta­rap bir ädim äden­di­gi­ni aň­lad­ýar. Akyl­dar­ly­gyň ba­şy hem hut şun­dan baş­lan­ýar — di­ýip, akylly goja ýyl­gy­ryp­dyr.

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info