Italýan aşhanasyny synap görmek nähili? Bu tagam XVI asyrda döräpdir.
Ilki bilen çuň gazany gyzdyryp, iki nahar çemçesi zeýtun ýagyny we adaty ýagy garyşdyryň. Soňra towugy goşuň. Ody orta we ýokary derejä goýuň. Etiň her tarapyny bäş minutlap gyzardyň, soňra tarelka geçiriň.
Burçlary uzynlygyna iki bölüň, tohumlaryny aýryň we kiçi dörtburçluklara bölüň. Sarymsagy dograň we sogany galyň zolaklara bölüşdiriň.
Towugyň gyzardylan gazanyna az mukdarda zeýtun ýagyny goşuň we sogany üç minutlap gyzardyň. Soňra sarymsagy we burçlary goşuň. Ýene bäş minut bişiriň. Şondan soň bolsa pomidor pýuresini goşuň we garyşdyryň.
Sousy taýýarlamak işi ahyrlaberensoň, paprika we gara burç goşuň, duz hem-de biraz şeker bilen tagam beriň. Sousy pes otda ýene 10 minut bişiriň.
Şondan soň towugy goşup bilersiňiz. 100 gram krahmaly suwa garyşdyryň we sousa goşuň. Gapagyny ýapyp, ýene 20 minutlap gaýnadyň. Ine-de, gadymy italýan tagamymyz taýýar.
Show more