Kanareýkanyň adamlar bilen ýaşap başlanyna 500 ýyldan gowrak wagt geçipdir.Onuň sesi tebigatda duş gelýän beýleki guşlardan üýtgeşikdir.Iň meşhur kanareýka görnüşi «Gars rolleri» diýlip atlandyrylýar. Ol Germaniýada döräp, ýakymly hem ajaýyp owazly sesi bilen beýleki görnüşlerinden düýpgöter tapawutlanýar.
Häzirki wagtda dünýäde kanareýkanyň 120-den gowrak görnüşi bardyr. Kanareýkalar her ýylda ornitologlar tarapyndan geçirilýän bäsleşiklerde öňdäki ýerleri eýeläp gelipdir. Kanareýkalar iň kyn bolan saz eserlerini-de aňsatlyk bilen ýatda saklaýarlar,mundan başga-da bular edil totuguşlar ýaly adamlaryň gepleýän geplerini gaýtalamagy halaýarlar we ony üstünlikli ýerine ýetirip bilýärler. Kanareýkanyň owazy adamlaryň ruhy ýagdaýyna gowy täsir edýär. Bu guşlar 15 ýyl ýaşaýarlar. Onuň tebigatda diňe bir sary reňkli däl, eýsem, goňur we gyzyl reňkli görnüşleri-de duş gelýändir. Kanareýkany ýekelikde idetmek amatly hasaplanýar. Eger-de bir gapyrjakda birnäçe guş saklanylsa, onda olar biri-birine gahar edýärler we saýramaýarlar.
Show more