Ägirt uly Giza piramidasynyň içine girip görmek isleýäňizmi?

MilliInfo

14 sagat öň

Biz size kompýuteriňiziň başynda oturan ýeriňizden Giza piramidasynyň içine syýahat etmek üçin ajaýyp mümkinçilik hödürleýäris. «Digital Giza» taslamasy Hufu (Heops) piramidasynyň doly içki gurluşyny wirtual görnüşde görmäge mümkinçilik berýär.

Takmynan biziň eýýamymyzdan öňki 2600-nji ýyllarda 26 ýylyň dowamynda gurlan bu piramida dünýäniň ýedi täsinliginiň iň köne we häzirki güne çenli doly saklanyp galan ýeke-täk nusgasydyr. Ol Giza piramidalar toplumynyň iň meşhur ýadygärligidir we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.

Giza piramidasyna wirtual syýahat üçin şu çeşmeden peýdalanyp bilersiňiz.  

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo