Söýgi – bu täsin duýgy. Adamzat döräli bäri bu duýgy ynsanlara käte ganat bagladyp, arzuwlaryň älemine uçmaga, käte bolsa durmuşyň çarkandakly ýollaryndan geçmäge mejbur edipdir. Ýöne bir hakykat aýan. Ol her bir ynsana howa ýaly zerur. Aslynda onuň nämedigine gysgaça kesgitleme beräýmek hem aňsat däl.
Internet sahypalarynda, kiçi ýaşly çagalaryň söýgi diýip nämä düşünýändikleri barada amerikaly psihologlaryň geçiren sowallarynyň netijesinde çagalaryň beren dürli jogaplary diýseň gyzykly boldy. Sebäbi, meniň pikirimçe çagalar owadan gürläp, söhbetdeşinde üýtgeşik täsir galdyrmaga çalyşmaýarlar. Olar näme pikir etseler, şony-da dile getirýärler. Meşhur rus ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiý hem, hut şonuň üçin, çagany perişdelere deňän bolsa gerek.
Çagalaryň söýgi baradaky pikirleriniň käbirlerini siziň bilen paýlaşalyň. Belki, ol siziň üçin hem gyzykly bolar:
Haçan-da, enemde artrit başlanda onuň egilmesi kynlaşdy we dyrnaklaryny reňkläp bilmedi. Şol sebäpden hem, bu işde atam oňa kömek edip başlady. Ine şu, söýgi-dä.
Rebekka, 8 ýaş.
Söýgi – bu haçan-da, seniň dişleriň ýokka-da ýylgyrmagyň. Dostlaryňam bolsa seni şonda-da söýmegi.
Mark, 8 ýaş.
Meniň doganymyň meni gaty söýýändigini bilýärin. Sebäbi ol öňki geýen eşikleriniň ählisini maňa berýär. Özi bolsa ýörite gidip täze eşik almaga mejbur bolýar.
Lena, 4 ýaş.
Söýgi – bu ejemiň nahar wagtynda kakama towugyň iň gowy ýerini bölüp bermegi.
Alina, 5 ýaş.
Söýgi – bu her gün irden ejemiň kakama taýýarlan kofesiniň tagamynyň gowudygyny anyk bilmek üçin ony dadyp görmegi.
Denni, 7 ýaş.
Söýgi – bu haçan-da, oglana geýen köýneginiň gowy gelişendigini aýdanyňda onuň şol köýnegi her gün geýip gelmegi.
Noel, 7 ýaş.
Kakam işden gelende üst-başy hapa, özündenem ýakymsyz ys gelýär. Ýöne şonda-da ejem onuň gujaklaýar we onuň Robert Redforddanam owadandygyny aýdýar. Bu söýgi.
Kris, 7 ýaş.
