Kino sungatynda ýene bir ekran eseriniň prokatlardan toplan kassa ýygymy 1 milliard dollardan geçdi. «Disney» tarapyndan 2002-nji ýylda hödürlenen «Lilo we Stiç» (Lilo & Stitch) atly animasiýanyň maý aýynyň soňky hepdesinden bäri görkezilip gelinýän janly film görnüşiniň girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Ol şu ýylky ekran eserleriniň arasynda bu görkezijä ýeten 2-nji, umumylykda bolsa 58-nji film boldy. Din Fleýşer Kampyň režissýorlyk eden filmi üçin 100 million dollar çykdajy edilipdi. Filmde baş keşbi Maia Kealoha ýerine ýetirýär.
Şu ýyl Hytaýyň «Neçža 2» animasiýasy hem bu sanawa goşulypdy. Onuň prokatlardan toplan serişdesi 2 milliard 215 million dollardan geçipdi. 80 million dollar çykdajy edilen multfilm umumy sanawda 5-nji ýerde barýar.

