Kino sungatynyň taryhynda iň köp girdeji getiren 5 film

MilliInfo

1 sagat öň

Kino sungatynyň taryhynda iň köp girdeji getiren 5 film

Dünýä kinosynda käbir filmler diňe bir tomaşaçylaryň söýgüsini gazanman, eýsem, milliardlarça dollarlyk girdeji hem getirýär. «Box Office Mojo» tarapyndan berlen maglumata görä, dünýä boýunça iň köp girdeji getiren 5 film şulardan ybarat:

1. «Avwatar» — takmynan 2,92 milliard dollar.

2. «Öç alyjylar: Final» («Avengers: Endgame») — takmynan 2,80 milliard dollar.

3. «Awatar: Suwuň ýoly» («Avatar: The Way of Water») — takmynan 2,33 milliard dollar.

4. «Ne Ža 2» — takmynan 2,27 milliard dollar.

5. «Titanik» — takmynan 2,26 milliard dollar.

Sanawda «Ne Zha 2» atly hytaý animasion filmi hem bar. Film dünýä boýunça 2 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, iň köp girdeji getiren filmleriň arasynda dördünji orna çykdy.

Ýöne sanawyň ýagdaýy örän çalt üýtgeýär. «Möý adam: Täze gün» («Spider-Man: Brand New Day») filminiň girdejisi hem 2,2 milliard dollardan geçip, «Titanik» we «Ne Ža 2» bilen ilkinji bäşlik üçin göreşip başlady.

Soňky maglumatlara görä bolsa, «Möý adam: Täze gün» eýýäm 2,4 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy we häzirki wagtda dünýä kassa girdejisi boýunça 3-nji orna çykdy. Şonuň üçin hem, bu sanawyň wagtyň geçmegi bilen ýene üýtgemegi mümkin.

Şeýlelikde, «Awatar» heniz hem kino taryhynyň iň köp girdeji getiren filmleriniň sanawynda öňdeligi saklaýar. Emma 2026-njy ýylda «Möý adam: Täze gün» bu sanawy ep-esli üýtgetdi.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info