Kinonyň taryhyndaky iň uzyn film näçe sagat dowam edýär?

MilliInfo

2 Sentýabr, 2026

Kinonyň taryhyndaky iň uzyn film näçe sagat dowam edýär?

Adaty film 1,5–2 sagat töweregi dowam edýär. Emma kino taryhynda munuň bilen deňeşdirip bolmajak derejede uzyn bir film bar.

Şwesiýada döredilen «Logistika» atly eksperimental film 857 sagat dowam edýär. Bu bolsa, takmynan, 35 gün 17 sagat diýmekdir. Filmde Şwesiýanyň Stokgolm şäherindäki dükanda satylan kiçijik elektron ädim ölçeýjiniň Hytaýyň Şençžen şäherindäki zawodyna çenli bolan ýoly görkezilýär. Bu syýahat hakyky wagtda görkezilýär. Ýagny tomaşaçy önümiň dükandan zawodyna çenli bolan uzak ýoluny ädimme-ädim yzarlap bilýär.

«Logistika» filmi Erika Magnusson we Daniel Andersson tarapyndan döredilipdir.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info