Kino ýyldyzy bolmazdan öň, sportçy hökmünde tanalan meşhurlar

MilliInfo

1 sagat öň

Kino ýyldyzy bolmazdan öň, sportçy hökmünde tanalan meşhurlar

Käbir aktýorlary diňe filmlerdäki keşpleri bilen tanaýarys. Emma olaryň käbiri kino dünýäsine gelmezden öň, sportda hem özüni tanadyp ýetişipdir. Käbirleri dünýä çempiony bolupdyr, käbirleri bolsa professional söweşlerde çykyş edipdir. Ine, sportdan kino dünýäsine geçen meşhurlaryň käbirleri.

Çak Norris

Çak Norris kino ýyldyzy bolmazdan öň, söweş sungatynda uly üstünlikler gazanan türgenleriň biri bolupdyr. Ol 1960-njy ýyllarda karate ýaryşlarynda birnäçe gezek ýeňiş gazanyp, 1968-nji ýylda ilkinji gezek dünýä derejesindäki orta agramda karate çempiony bolupdyr. Ol bu derejesini birnäçe gezek gorapdyr.

Soňra Norris kino dünýäsine gadam basýar. 1972-nji ýylda Brýus Li bilen «The Way of the Dragon» filminde bile çykyş etmegi onuň meşhurlygyny has-da artdyrýar. Soňra «Walker», «Texas Ranger» ýaly filmler we seriallar arkaly özüni hereket filmleriniň ýyldyzy hökmünde tanadýar.

Arnold Şwarsenegger

Arnold Şwarseneggeri köp adam «Terminator» hökmünde tanaýar. Emma kino dünýäsinden öň ol dünýäniň iň meşhur bodibilderleriniň biri bolupdyr.

Ol 20 ýaşynda «Mr. Universe» adyny gazanan iň ýaş türgenleriň biri bolup, soňra «Mr. Olympia» ýaryşynda 7 gezek ýeňiş gazanypdyr. 1970–1975-nji ýyllarda yzly-yzyna alty gezek, 1980-nji ýylda bolsa ýedinji gezek ýeňiji bolýar.

Şwarseneggeriň ilkinji uly ekran işleri hem onuň sportdaky keşbine bagly bolupdyr. 1970-nji ýylda «Hercules in New York» filminde çykyş edýär. Soňra «Conan the Barbarian» we «The Terminator» ýaly filmler ony dünýä derejesindäki kino ýyldyzyna öwürýär.

Jina Karano

Jina Karano kino dünýäsine girmezden öň professional MMA söweşijisi hökmünde meşhur bolupdyr. Ol zenan MMA-synyň iň tanalýan türgenleriniň birine öwrülip, professional karýerasyndaky 7 ýeňşi we 1 ýeňlişi bilen bellidir.

Aktrisanyň 2009-njy ýylda Kris Saýborg bilen geçiren söweşi hem zenan MMA-synyň taryhynda möhüm wakalaryň biri bolupdyr. Karano soňra kino dünýäsine geçip, «Haywire», «Fast & Furious 6» we «Deadpool» ýaly filmlerde çykyş etdi.

Dolf Lundgren

Dolf Lundgreni «Rocky IV» filmindäki güýçli türgen Iwan Drago hökmünde tanaýanlar kän. Ýöne ol bu keşbi oýnamazdan öň, hakykatdan hem, ýokary derejeli karate türgeni bolupdyr.

Lundgren Şwesiýanyň kýokuşinkaý karate boýunça ýygyndysynyň kapitany bolup, 1980-1981-nji ýyllarda Ýewropanyň çempiony bolýar. Şeýle hem himiýa inženerligi boýunça ýokary bilim alypdyr.

1985-nji ýylda «Rocky IV» filminde Iwan Dragonyň keşbini ýerine ýetirmegi onuň kino karýerasynda uly öwrülişik bolýar. Şeýlelikde, hakyky türgenlik tejribesi onuň ekrandaky keşbine hem uly kömek edýär.

Jeýson Steýtem

Jeýson Steýtem hem kino dünýäsine birden giren aktýorlardan däl. Ol ýaşlygyndan sport bilen meşgullanypdyr we suwa bökmek boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynda çykyş edipdir.

Soňra sportdaky tejribesi, güýçli fiziki taýýarlygy we hereketli sahnalara bolan ukyby onuň kino karýerasyna öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem, häzirki wagtda ol «Transporter», «Fast & Furious» ýaly hereketli filmleriň iň tanalýan aktýorlarynyň biri.

Sport bilen kino käbir adamlaryň durmuşynda düýbünden aýry ugurlar däl. Käwagt sportda gazanylan tejribe aktýora ekranda iň kyn keşpleri ýerine ýetirmäge kömek edýär.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info