Koala diňe bir yklymda, ýagny Awstraliýada ýaşaýan ýakymly hem mylaýym haýwan. Aborigen dilinde «koala” sözi «içmeýän” manysyny berýär. Ewkalipt çyglylygy bilen kanagatlanýan jandar, hakykatdan hem, suw içmeýär.
Koala awstraliýalylaryň iň halaýan torbaly haýwanydyr. Emma bu hemişe beýle däldi, ilkibaşda koalalary gür ýüňi üçin köpçülikleýin gyrypdyrlar, ýöne ondan hem uly howp ewkalipt tokaýlarynyň çapylmagy, gurakçylyk we ýangyn bilen baglylykda abanypdyr. Koalalara abanýan howp 1924-nji ýylda 2 milliondan gowrak deriniň eksport edilmegi bilen ýüze çykdy. Şol wagta çenli haýwanlar Günorta Awstraliýadan we Günorta Uelsiň köp ýerinden ýitipdi. Köpçüligiň nägileligi netijesinde, 1944-nji ýyldan başlap koalalary awlamak gadagan edildi we 10 ýyldan soň olaryň sany dikelmäge başlady.
Koalalaryň bedeni gysga we dykyz, kellesi uly hem tegelek, gözleri kiçi. Goýy we ýumşak ýüňi olary erbet howadan we temperaturadan gorap saklaýar.
Koalanyň bedeniniň uzynlygy 70-85 sm, agramy 7-12 kg. Onuň bary-ýogy 30 dişi bar. Olar, esasan hem, ewkalipt ýapragy bilen iýmitlenýärler. Ýaşaýan kontinentinde ewkaliptiň 600 görnüşiniň ösýändigine garamazdan, bu jandarlar olaryň diňe 30 görnüşi bilen iýmitlenýärler. Koalalar 18-20 sagady uklap geçirýärler, 2-3 sagat iýmitlenýärler, galan wagtlaryny bolsa diňe otyryp geçirýärler. Tebigatda koala ortaça 10 ýyl ýaşaýar. Olar iň uzagyndan 18 ýyl ýaşamaga ukyplydyr. Ýene bir täsirli maglumat, kolalaryň barmak yzy adamlaryňky bilen deň gelýär.

Show more