Kofe – bu miwedir

MilliInfo

2 sagat öň

Dünýä ýüzünde adamlaryň iň köp içýän içgileriniň biri kofe hasaplanylýar. «Araplaryň şeraby» diýip atlandyrylan kofeniň ady araplaryň «kahwa» sözünden gelip çykandyr. Kofe – bu kofe agajynyň dänesinden taýýarlanýan içgidir.

Ilkinji gezek bu içginiň araplar tarapyndan içilendigi çaklanylýar. Soň bolsa kofe Ýewropa döwletlerine ýaýrap başlapdyr we meşhurlyk gazanypdyr. Taryhy maglumatlara görä, kofe IX asyrda tapylypdyr. Kaldi atly çopan öz geçileriniň näbelli bir agajyň miwelerini iýip, has gurplanandygyny görüpdir we bu agajyň miwesi hakynda dini alymlara gürrüň beripdir. Olar hem ybadat döwründe ýadamazlyk üçin bu agajyň miwesinden içgi taýýarlapdyrlar. Şeýlelikde, kofe agajynyň miwesiniň bu lezzetiniň üstüni açmaga taryhda bir geçi çopanynyň kömek edendigi çaklanylýar. Ýöne bu içgini kimiň oýlap tapandygy belli däl.

Kofe – maýyl howa şertlerinde ösýän ösümlik bolup, esasan hem, Hindistanyň, Braziliýanyň, Afrikanyň, Çiliniň, şeýle-de, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň käbirinde giňden ýaýrandyr. Rowaýatlarda beýan edilşine görä, kofe gaýnadyp içmek üçin ilkinji gezek Ýemende ösdürilip ýetişdirilip başlalypdyr. Ilkinji gezek onuň içgi edilip ýasalan görnüşi Ýemen kofesi bolupdyr. Kofeni süýt bilen garyp içmek hem araplaryň adamzat taryhyna getiren täzeligidir. Kofe dänelerini gaýtadan işlemäge dürli usullar arkaly çemeleşipdirler. Wagtyň geçmegi bilen, kofe dünýäde iň meşhur içgä öwrülipdir.

Lukmanlar kofeniň adamyň jan saglygyna ýetirýän birnäçe täsiriniň üstüni açdylar. Kofeni çendenaşa köp içmek, ajöze içmek, aşa ajy edip içmek ýürek we aşgazan kesellerine getirip bilýär.

Biziň günlerimizde kofeleriň taýýarlanyşynyň birnäçe görnüşleri bardyr. Olardan espresso, latte, türk kofesi, amerikano, kapuçino ýaly görnüşlerini bellemek bolar.

Kofe önümçiligi mukdary boýunça dünýäde nebitden soň ikinji orunda durýar.

Soňky döwürlerde ýaşyl kofe barada maglumatlar meşhur bolup, ol horlanmagyň aňsat usuly hökmünde tanalýar. Ýaşyl dänelerden öndürilen kofe adaty kofelerden ysy we tagamy bilen tapawutlanýar.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info