Kofeni nädip taýýarlandygyňyza garamazdan, elmydama ulanylan kofeni zyňmaly bolarsyňyz. Emma kofeniň taýýarlanansoň hem «ömri» uzaldylyp bilner.
Kofeniň galyndysyndan şu aşakdaky usullar bilen peýdalanyp bolýar: kofe skrabyny ýasamak.
Derini ajaýyp görnüşde arassalaýar, onuň ýaşlygyny saklaýar we tekizleýär. Skraby ulananyňyzdan soň nemlendiriji ulanyň.
Garynjalara garşy göreş.
Garynjalar kofeni halamaýarlar, şonuň üçin hem, öýüňizdäki garynjalardan dynmak üçin, şeýle hem otag güllerini olardan halas etmek üçin kofe galyndylaryny ulanyp bilersiňiz.
Ýakymsyz yslardan dynmak.
Kofe ajaýyp siňdiriji, şonuň üçin hem, öýüňizdäki tekjäňizden tutuş öýüňize çenli dürli yslardan aňsatlyk bilen dynyp bilersiňiz. Kofeni öýüňiziň dürli ýerlerine goýmazdan ozal, onuň guradylmalydygyny ýatdan çykarmaň, ýogsa çüýräp başlar.
Kofede ösümlikler üçin peýdaly boljak witaminler we ýokumly maddalar bar.
Şonuň üçin hem, ulanylan kofeni ýapyk ýa-da tomusky kottej ösümlikleriňiz hasylly we owadan bolar ýaly toprak bilen garyp bilersiňiz.

Show more