Meşhur zenanyň iýmitlenişi
Köp zenanlar Koko Şaneliň sitatalaryny gowy görýärler we onuň stili hem geýnişi häli-häzirem meşhurlygyny ýitirmeýär. Bu geň däl, sebäbi Şaneliň ajaýyplygy, nepisligi, gözelligi we ýönekeýligi diňe bir onuň meşhur brendinde däl, eýsem, durmuşynyň her bir jikme-jikliginde hem öz beýanyny tapdy.
Koko Şanel her güni aç garna limonly suw içmekden başlaýardy. Köpler munuň maddalaryň alyş-çalşygyny güýçlendirýändigine we bedeniň oýanmagyna kömek edýändigine ynanýarlar.
Onuň ertirlik nahary hakynda näme aýdyp bolar? Umumy atmosfera Şanel üçin örän möhümdi. Estetika hökmünde ol özüni ertirlik naharyna howlukdyrmaga rugsat berip bilmeýärdi. Iň işli gününde-de ertirlik nahary üçin azyndan ýarym sagat wagt aýyrýardy. Bir käse kofe onuň ertirlik naharynyň hemişelik bölegidi. Şeýle-de kruassan we möwsümleýin miweler. Ýeňil, az kaloriýaly fransuz tagamlaryna mahsus ertirlik nahary. Şaneliň özi ýaly ajaýyp.