Küleçe dony

MilliInfo

4 sagat öň

Milli lybaslarymyz zenanlaryň mähir-yhlasy siňen ajaýyp sungat eseridir. Çünki ene-mamalarymyz ruhy dünýäsindäki arzuw-hyýallaryny el işlerine siňdiripdirler. Şolaryň biri-de küleçe donudyr.

Gadym döwürlerde bu lybas zenanlaryň durmuşdaky ornuny aňladypdyr. Ol nagyşlar we dürli bezegler bilen baýlaşdyrylypdyr. Küleçe donlary arzyly lybas hökmünde zenan gözelligini we ruhy dünýäsini beýan edipdir. Dürli döwürlerde olaryň görnüşi, biçimi we bezegi üýtgemän, şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Uly dabaralar üçin has nepis bezegli, gündelik durmuş üçin bolsa ýönekeý görnüşdäki donlar tikilipdir.

Küleçe donlary tikilende, mahmal, begres, keteni, atlas ýaly dürli matalar ulanylýar. Tomus üçin howa geçirýän matalar saýlanylyp alynsa, gyş üçin galyň mata saýlanylýar. Olaryň reňkleri hem pasla görä saýlanylýar. Bu donuň uzyn, gysga, giň etekli görnüşleri bolýar. Laýyk biçilen donlar zenanyň görküni has-da gözelleşdirýär. Küleçe donlary ýanly biçilýär. Geýlende ýakymly bolar ýaly, oňa çit ýa-da nah matadan işlik edilýär. Donuň ýanynyň başyna gyrmyzy donluk matadan begeýik sanjak bilen bezeg tikilýär. Ýartmajyna, ýakasyna, eteklerine gyzyl matadan zolak tutulýar. Ýartmajyň üsti gyrmyzy donluk matadan doga şekilli edilip, gurama görnüşinde bezelýär. Jübisiniň daşy tutuş pugtama nagyşlar bilen nagyşlanyp, iki hatar zolak gyrmyzy matadan aşagyna, ýartmajynyň üstüne ýeňleri bilen diş-diş edilip, gurama görnüşli, basmada atanaklaýyn goçak şekilinde alajalar bilen nagyşlanylýar, gyralaryna gyzyl jähek, jähegiň gyrasyna bolsa işilen gara sapak tutulýar. Şeýlelikde, küleçe dony özboluşly owadanlygy bilen tapawutlanýar.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info