Künji ýagy ilkinji gezek Müsür faraonlarynyň döwründe tebipler tarapyndan ulanylan gadymy bejeriş serişdesidir. Miladydan öňki XVI asyrda künji ýagyny almak pikiri Müsüriň iň güýçli tebiplerinden gelip çykandyr. Künji ýagy häzirki wagtda gündogar lukmanlary tarapyndan üstünlikli ulanylýar. Onuň tohumy diňe bir dermanlyk üçin ulanylman, eýsem, aşpezlik aýratynlyklaryna hem eýedir. Künjiniň tohumlary uzak wagtlap saklananda hem okislenmeýär. Adatça onuň tohumlary bir ýyldan köp wagt saklanmaýar.
Künji ýagynyň düzümini esasy düzüjiler lignanlardyr ( sesamin, sesamol we sesamolin). Ýeri gelende aýtsak, künji ýagynyň bir bölegi bolan lignanlaryň esasy artykmaçlygy, olaryň esterogen işjeňliginiň bolmagy, şeýle hem rak öýjüklerine garşy göreşmek ukybydyr. Ony köp peýdalanýan adamlar sowuklama kesellerinden halas bolýarlar. Mundan başga-da, soňky döwürlerde künji ýagynyň melanomany öz içine alýan islendik rak keselini bejermäge kömek edýändigi anyklanyldy.
Künji ýagy bedende lipid alyş-çalşygyny amala aşyrýar. Netijede bedeniň agramyna gönüden-göni täsir edýär. Onuň az mukdary hem garmon alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Göwrelilik we laktasiýa döwründe bedeniň ösümlik ýagyna bolan islegi artýar we künji ýagy ony kanagatlandyrmaga kömek edýär. Künji ýagynyň ýeterlik bolmagy öýjükleriň garramagyny haýalladýar. Deride we dyrnaklarda döreýän agyryny peseldýär.
Künji ýagynyň zerurlygy onuň aşakdaky peýdalary bilen aňladylýar:
- Gan ýygnanmany gowulandyrýar;
- Gan basyşy kadalaşdyrýar;
- Erbet holesterini peseldýär;
- Beýnidäki gan çalşygyny gowulaşdyrýar;
- Stresden goranmaga kömek edýär;
- Iýmit siňdirişi toksinlerden arassalaýar;
- Iýmit bilen gelýän witaminleriň siňdirilişini ýokarlandyrýar.

Show more