Oba jaýy diňe hasyl ýygnamak bilen çäklenmän, eýsem, öz gözelligiňizi döretmek üçin hem amatlydyr. Muňa ýetmek üçin dogry ösümlikleri saýlamaly.
HAÝSY GÜLLERI SAÝLAMALY
Her gün güller bilen başagaý bolmak islemeýärsiňiz. Şonuň üçin hem, olaryň ýygy-ýygydan suwarmagy talap etmeýän, howa şertlerine çydamly we tutuş tomus aýlarynda bökdençsiz gülleýän görnüşlerini saýlaň. Bu örän talapkär arzuwlaryň sanawy ýaly görünse-de, oňa kalendulalar, nasturtiumlar, kosmos we haşhaş tohumlary girýär.
PEÝDALARY WE KÖPELIŞI
Olaryň tohumlary arzan we islendik toprakda ösýär. Olar tutuş tomsuň dowamynda gülleýär we gaýtadan ekmegiň zerurlygy ýok. Käbirleri bolsa diýseň peýdalylygy bilen tapawutlanýar: kalendula demlemelerde ulanylýar we onuň ysy zyýankeşleri yzyna serpikdirýär. Eger siz olaryň güllemegine rugsat berip, tohumlary ýygnasaňyz, ösümlik indiki ýyl özbaşyna ösüp çykar. Bu güller umumy gök önümler bilen örtülen ýerleriň gapdalynda-da owadan görünýär.

Show more