Bedeniňiziň daşky görnüşi bilen saglyk ýagdaýyňyz özara baglydyr. Tuluza uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, maňlaýdaky köp sanly çuňňur ýygyrtlar ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň çynlakaý töwekgelçiligini görkezýär. Muňa degişli netijeler «Daily Express» neşirinde ýerleşdirildi.
Nazaryýeti subut etmek üçin lukmanlar 30 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky meýletinçileriň gatnaşmagynda barlaglary geçirdiler. Adamyň maňlaý derisiniň ýagdaýy ýörite şkalada bahalandyryldy, bu ýerde «nol» ýygyrtlaryň ýoklugyny aňladýardy, «üç nokat» bolsa çuňňur ýygyrtlaryň bardygyny görkezýärdi. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, ýüzlerinde gaty ýygyrtlary bolan adamlaryň ýürek we damar keselleri bardyr . Şol sebäpli hem, islendik üýtgeşmäni yzarlamak möhümdir. Mesele wagtynda ýüze çykarylsa, töwekgelçiligi azaltmaga we bejergä başlamaga mümkinçilik bar.

Show more