Manuka baly özboluşly häsiýetleri bolan seýrek görnüşlerden biridir. Bu balyň üýtgeşik reňki we ysy bolup, ol bejeriş häsiýetlerine baý we energiýa ätiýaçlyklaryny doldurmaga kömek edýär. Manuka baly gymmat bahaly. Bu bal manuka agajynyň nektaryndan ýasalýar. Ady hem şondan gelip çykandyr. Onda köp ýod, kaliý, B, C, K we E. witaminleri bar.
Manuka balynda dürli fermentler, beloklar, antioksidantlar we aminokislotalar, şeýle hem metilgloksal bar. Bu madda antioksidantdyr, şeýle hem güýçli antimikrob we antifungal häsiýetlere eýedir.
Nemlendiriji aýratynlyklary sebäpli, balyň bu görnüşi, köplenç, garrylyga garşy derini bejermekde ulanylýar. Manuka baly gözbaşyny Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň uzak sebitlerinden alýar. Ol güýz möwsüminde manuka agaçlaryndan ýygnalýar. Bu ösümlik bal we efir ýaglaryny ýasamak üçin köp ulanylýar. Şeýle bal iň seýrek we iň gymmat hasaplanýar.
Manuka balynyň özboluşlylygy nämede?
Bioaktiw manuka baly bakteriýalary, dizenteriýa, içege parazitlerini we beýlekileri öldürýär. Beýleki bal görnüşleri ýaly, ol hem diňe tebigy ary önüminde bar bolan inhibine baýdyr. Balyň özboluşly bejeriş ukyby antibakterial madda bolan tebigy metilglikoksalyň (MGO) bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Ol bu önümiň bir kilogramynda 100-den 1000 mg çenli saklanýar. Bu görkeziji beýleki ballara garanyňda, 1000 esse köpdür. Metilglikoksalyň konsentrasiýasy näçe ýokary bolsa balyň antibakterial häsiýetleri şonça güýçli bolar.
Iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar. Hatda günde bir nahar çemçesi bal iýmek iýmit siňdiriş we aşgazan-içege ulgamlary üçin peýdalydyr. Geçirilen gözlegler manuka balynyň belli bir fermentleriň öndürilmegine itergi berýändigini we aşgazan ýaralaryny bejermekde kömek edýändigini subut etdi.
Bedeniň ýaşlygyny saklaýar. Manuka balynyň gymmatly häsiýeti ol howadan çyglylyk alýar we deriniň gatlaklaryny kislorod bilen dolduryp, derä çekýär. Mundan başga-da, balyň köşeşdiriji, nemlendiriji we çişmä garşy häsiýetleri deriniň ýaşlygyny we gözelligini uzaldýar.
Düwürtikleri bejermekde kömek edýär. Balyň antibakterial işjeňligi deri ýokançlaryndan goraýjy päsgelçilikleri döretmäge kömek edýär, ýaranyň bejergisini çaltlaşdyrýar.
Energiýa berýär. Balyň ýokumlylygy ýokarydyr. Ol bedende energiýanyň derejesini ýokarlandyrýar. Manuka baly diňe bir çaý üçin ýakymly goşundy bolman, eýsem, ýadawlyga garşy hem gaty gowy göreşýär.
Manuka balyny nireden satyn almaly?
Şeýle baly adatça saglyk maksatly iýmit dükanlaryndan we uly supermarketlerden tapyp bilersiňiz. Mundan başga-da, önümi onlaýn bazarlarda sargyt edip bolýar, ýöne bu ýagdaýda aýratyn seresap bolmaly we baly diňe ynamdar satyjylardan satyn almaly.

Show more