Goýundan ýylda iki gezek gyrkylyp ýüň alynýar. Ýaz paslynda «ýaz ýüňi», güýz paslyndaky gyrkyma bolsa «güýz ýüňi» diýilýär. Güýz ýüňi ýaz paslyndaky ýüňden gysga bolýar. Şonuň üçin hem, köplenç, güýz ýüňünden keçe taýýarlanylýar. Saryja goýnuň ýaz ýüňi egrilip, ondan haly dokalýar. Haly dokamak üçin niýetlenen ýüpleriňem erişlik, çitimlik hem-de argaçlyk diýen ýaly tapawutly görnüşleri bar. Erişlik ýüplük halyny ýüwürtmek üçin ulanylýar. Çitimlik ýüpler halynyň ýüzüniň owadan bolmagy üçin erişlik ýüpe garanyňda gowşagrak egrilýär hem-de dürli reňklere boýalýar. Argaçlyk ýüp halynyň iç geçeri üçin ulanylýar.
Erişlik ýüpi egirmek üçin ýuwýarlar we arassalanan ýaz ýüňüniň has uzynlaryny saýlap, ýüň darak bilen pugta daraýarlar. Daralan ýüňüň ýüpek ýaly uçlaryny silkip pişge edýärler. Soňra şol pişgelerden çüýke taýýarlanylýar. Pişge ilki el bilen süýlüp, gowşak ýagdaýda ýumak ýaly saralýar. Onsoň ikde egrilýär. Erişlik ýüp egrilende, pugta tow berilýär. Sebäbi ony soň iki gat edip bükdürmek gerek. Bu diýildigi ýüpüň iki gat edip egrilen ugry boýunça däl-de, tersine tow berlip işilmelidigini aňladýar. Munuň üçin egrilen erişlik ýüpi iki gatlap, ony igiň daşyna geýdirip, süýri, ýumurtga şekilde sarap, ýumak edilýär. Soňra ýokardan ýüp çekdirilip, erişlik ýüp halkalardan geçirilýär we bükdürilýär. Bir ikde bükdürilmedik ýumak, ýene bir ikde bolsa şol ýumagyň bükdürilen ujy saralmaly. Ilki bükdirilip başlananda, igiň bükdürilen tarapy ýeňil bolýar. Şonuň üçin hem, igiň ýeňil tarapynyň gowy pyrlanmagy üçin oňa ikbaş geýdirilip, agram berilýär.
Dokmany ýüwürtmek üçin şeýdip, elde ýörite bükdürilip taýýarlanan erişden saralan süýri ýumaga bolsa mäşirik diýilýär. Mäşirik igiň daşyna saralýandygy üçin ýumagyň içi deşik bolup, çitimlik ýumaklaryň saralyşyndan tapawutlydyr. Umuman, mäşirigiň nämedigi «Mäşirik — dokma ýüwürtmek üçin ýörite bükdürilen erişden saralan süýri ýumak» diýlip düşündirilýär.