Meduza Günbatar Ýewropanyň iň uly ýadro elektrik stansiýasyny ýapdy

MilliInfo

1 sagat öň

Meduza Günbatar Ýewropanyň iň uly ýadro elektrik stansiýasyny ýapdy

«Meduzalar Belgiýanyň serhedine golaý ýerleşýän Günbatar Ýewropanyň iň uly ýadro elektrik stansiýasynyň üç reaktoryny ýapdy» diýip, Niderlandlaryň «NOS teleýaýlymy «EDF energiýa kompaniýasyna salgylanyp habar berdi.

Waka Fransiýanyň demirgazygynda, Kale bilen Dunkirk aralygynda ýerleşýän «Gravelines» atom elektrik stansiýasynda bolup geçdi. 4-nji blok meduzalaryň ilkinji üçüsinden az wagt soň ýapyldy. Zawodyň beýleki iki reaktorynda meýilnamalaýyn tehniki hyzmat işleri geçirilýärdi, bu bolsa stansiýanyň elektrik energiýasyny öndürmegi doly bes etmegine sebäp boldy.

Meduzalar özleriniň maýyşgak gurluşy sebäpli süzgüç ulgamynyň birinji päsgelçiliginden geçip bildiler. Olar diňe deňiz suwunyň geçmegine mümkinçilik berýän süzgüç barabanlaryny ýapdylar. Bu bolsa reaktorlaryň awtomatiki ýapylmagyna getirdi.

«EDF» wakanyň desgalaryň, işgärleriň ýa-da daşky gurşawyň howpsuzlygyna hiç hili howp salmaýandygyny nygtady. Ýöriteleşdirilen toparlar eýýäm reaktorlary barlamaga we zerur abatlaýyş işlerini geçirmäge başladylar.

Grawinesiň golaýyndaky kenarlarda soňky ýyllarda meduzalaryň sanynyň ep-esli artandygy görülýär. Alymlaryň pikiriçe, Demirgazyk deňzinde suwuň temperaturasynyň ýokarlanmagy olaryň köpelmegi üçin amatly şertleri döredýär we geljekde şeýle wakalaryň bolmagynyň ähtimallygyny has-da artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info