Dünýäniň iň meşhur baý adamlarynyň boş wagty näme bilen meşgullanýandygy köpleri gyzyklandyrýar. Gyzykly ýeri, olaryň käbiri üçin kitap okamak hem gündelik durmuşyň möhüm bölegi.
Mark Sukerberg ylmy-fantastika eserlerini halaýar. Ol Orson Skott Kardyň «Enderiň oýny» atly romanyny gowy görýändigini aýdypdyr. Sukerbergiň sözlerine görä, şeýle kitaplar diňe gyzykly wakalary bilen däl, eýsem, geljekde tehnologiýalaryň nähili bolup biljekdigi barada pikirlenmäge hem kömek edýär.
Bill Geýts bolsa dürli ugurlardaky kitaplary okaýar. Ol Jerom Selinjeriň «Çowdaryly uçudyň üstünde» atly romanyny iň halaýan kitaplarynyň biri diýip atlandyrýar. Geýts bu kitaby ilkinji gezek 13 ýaşynda okandygyny we şondan bäri ony halaýandygyny aýdypdyr.
Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk barada aýdylanda bolsa Jorj Stokuň «Wagta bäsdeşlik» atly biznes kitabyny halaýandygy we ony kärdeşlerine hem maslahat berendigi barada maglumat bar. Kitap işde wagtyňy tygşytlamagyň we tiz hereket etmegiň näderejede möhüm bolup biljekdigini düşündirýär.
Garaz, dünýäniň iň baý we meşhur adamlarynyň kitap tekjelerinde diňe biznes baradaky kitaplar bolanok. Olaryň arasynda ylmy-fantastiki işler, çeper eserler we işewürlik kitaplary hem bar.

Show more