Meşhur adamlaryň hobbileri

MilliInfo

3 Sentýabr, 2026

Meşhur adamlaryň hobbileri

Meşhurlary, köplenç, kino, aýdym-saz ýa-da telewideniýe bilen baglanyşdyrýarys. Ýöne olaryň boş wagtlaryndaky käbir gyzyklanmalary, hakykatdan hem, geň bolup biler.

«Forrest Gump» filminiň ýyldyzy Tom Henks köne ýazuw maşynlary bilen aýratyn gyzyklanýar. «CBS News» tarapyndan hödürlenen maglumata görä, onuň kolleksiýasynda 100-den gowrak ýazuw maşyny bar. Henks olary diňe ýygnamak bilen çäklenmän, eýsem, ýazmak üçin hem ulanýar. Hatda onuň ilkinji kitaplarynyň biri bolan «Uncommon Type» eserinde hem ýazuw maşynlary möhüm orny eýeleýär.

Aktrisa Mila Kunis bir wagtlar «World of Warcraft» oýnuna gaty köp wagt sarp edipdir. Ol bu oýny indi oýnamaýandygyny, oýnaýan döwründe bolsa bir oýunçylar toparyna goşulyp, toparlaýyn söweşlere ýolbaşçylyk edendigini hem aýdypdyr.

«Taken» filminiň ýyldyzy Laýam Neýson bolsa balyk tutmagy halaýar. Ol «AARP-a» agentligine beren interwýusynda güýmenjä «Nell» filminiň düşürilişinde başlandygyny aýdypdyr. Şol wagt ol çeňňek bilen balyk tutmagy öwrenip, düşüriş arakesmelerinde kölüň kenaryna gidip türgenleşipdir.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info