Nowosibirskden bolan ussa Wladimir Aniçkin tüwi dänesinde ilkinji hereketli «Adam we Aýy» mikro-miniatýurasyny döretdi. Onup gahrymanlaryň nobatma-nobat çekiç urýan pursatyny rus agaç oýunjagyndan ylham alayp döredendigini «RIA Nowosti» habar berýär.
«Men bu şekilleriň ideýasyny amala aşyrmak üçin ilkinji synanyşyklarymy birnäçe ýyl mundan ozal amala aşyrdym. Dürli kynçylyklara duçar bolanymdan soň, işlemegi bes etdim we uzak wagtlap olary nädip ýeňip geçmelidigi hakynda oýlandym. Men pikirlendim, synanyşdym we ahyrsoňy düşündim. Zähmetim netijesini hem berdi» diýip, Wladimir Aniçkin gürrüň berdi.
Aniçkin sýužeti miniatýur formatda amala aşyrmagyň örän kyn iş bolandygyny belledi. Esasy kynçylyk deşikleri we iňňeleri bolan birnäçe bölegi aýratynlykda, şeýle takyklyk bilen ýasamak zerurlygyndady. Şeýle bir takyklyk bilen ýygnalanda, olar biri-birine saç ýaly ajaýyp gabat gelerdi. 24-29-njy aprel aralygynda Sankt-Peterburgyň ýaşaýjylary ussadyň täze işini «Rus Çep elli» mikrominiatýura muzeýinde ilkinji gezek görüp bilerler. Suratkeş öz eserlerinden hereketli heýkeljikleriň tutuş toplumyny taýýarlady.
Wladimir Aniskine 1998-nji ýyldan bäri öz ussatlygyny kämilleşdirýär. Onuň öňki işleriniň arasynda kädi tohumlaryndan ýasalan kiçi suratlar, iňňäniň gözünden geçýän «Gaw atly kiçi pişik» multfilminden heýkeljikler we dünýäde bary-ýogy 0,16 mm ölçegli iň kiçi Dymkowo oýunjaklary bar.
Show more