«Mstiteller» filmi ýene-de dünýä çykýar

MilliInfo

29 Dekabr, 2025

Amerikan kinosynyň taryhynda iň epiki blokbaster bolan «Öç alyjylar: Soňky oýun» filmi halkara derejesinde gaýtadan görkeziler. Filmiň 2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda görkezilmegine garaşylýar. Bu karar «Marvel» super gahrymanlarynyň başdangeçirmelerindäki indiki bölüm bolan «Öç alyjylar: Kyýamat güni» filminiň premýerasy bilen baglanyşykly bolmagy mümkin.

Belki, filmler nähilidir bir baglanyşyklydyr. Ýa-da ýerine ýetiriji prodýuser Kewin Feýge tomaşaçylara «MCU-nyň» esasy taryhyny ýatlatmak isleýändir.

«Öç alyjylar: Soňky oýun» 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda kinoteatrlarda görkeziler. Robert Dauni kiçi blokbastere gaýdyp geler, bu gezek antagonist Doktor Dumyň keşbini janlandyrar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info