Mona Lizanyň syrly ýylgyryşynyň şeýle uly meşhurlyga eýe bolmagynyň sebäbi

MilliInfo

2 sagat öň

Mona Lizanyň syrly ýylgyryşynyň şeýle uly meşhurlyga eýe bolmagynyň sebäbi

Leonardo da Winçiniň «Mona Liza» atly eseri dünýäniň iň meşhur suratlarynyň biridir. Onuň iň köp üns çekýän bölegi — Mona Lizanyň syrly ýylgyryşy.

Surata seredeniňde, onuň ýylgyryşy käwagt aýdyň görünýär, käte bolsa ýitip gidýän ýaly duýulýar. Munuň sebäpleriniň biri Leonardo da Winçiniň «sfumato» atly usuly ulanmagydyr.

Bu usulda reňkler we kölegeler biri-birine örän ýumşak geçýär. Şonuň üçin hem, ýüzüň aňlatmasy dürli burçdan dürli görnüşde görnüp biler.

Şol syrly ýylgyryş hem «Mona Liza» eseriniň asyrlarlaryň dowamynda adamlaryň ünsüni çekmeginiň düýp sebäpleriniň biridir.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info