Muny bilmek gyzykly: sagatda sanlaryň gaýtalanmagy nämäni aňladýar?

MilliInfo

4 Fewral, 2026

Üç zat hiç haçan gaýdyp gelmeýär. Olar: wagt, aýdylan söz we mümkinçilik. Biz bolsa şularyň ählisini öz ýerinde ulanmagyň tarapdary. Munuň üçin bolsa, ilki bilen wagtymyzy tygşytly peýdalanmaly bolarys. Şol sebäpli adamlar irki döwürlerden bäri, hatda sagadyň ýok ýerinde hem dürli usullardan peýdalanyp, wagty kesgitlemegi başarypdyrlar. Mysal üçin, gadymy hytaýlylar günüň dowamyndaky wagt birlikleri ýazylan şemleri ýakypdyrlar we ol ýanyp gerekli ýazgynyň deňine baranda etmeli işlerini amala aşyrypdyrlar. Braziliýalylar bolsa ýagşyň ýagmagy bilen sagadyň näçe bolanlygyny anyklaýarlar, sebäbi olarda ýagyş şol bir wagtda ýagýar. Käbir ýerlerde Günüň we Aýyň hereketleri bilen hem wagty anyklap bolýar. Emma häzirki döwürde tehnologiýanyň iň soňky gazananlarynyň esasynda biziň ählimiz diýen ýaly, el telefonlarymyzyň sagadyny, goşar, diwar we stol sagatlaryny ulanýarys. Şolaryň kömegi bilen hemişe diýen ýaly wagtymyzy ölçäp gezýäris. Telefondaky ýa-da telewizordaky sagada seredenimizde, meňzeş ýa-da gaýtalanýan sanlaryň gabat gelmegi biziň ünsümizi özüne çekýär. Psihologlaryň berýän maglumatyna görä, bu ýagdaý tötänden ýaly duýulsa-da, aslynda, biziň beýnimiz käwagt adaty däl zatlary görmek isleýär we sagada seretmegimizi buýruk berýär. Şol pursat beýle sanlaryň nämäni aňladýandygyny bilmek isleýäris we biraz wagtlyk pikire çümýäris. Geliň, şeýle sowallaryň ýüze çykmazlygy üçin sagatdaky meňzeş we gaýtalanýan sanlaryň aňladýan manylary bilen ýakyndan tanyş bolalyň:

00:00

Durmuşyňyzda täze döwrüň başlanýandygyny aňladýar. Bir tarapdan 0 boşlugy alamatlandyrýan hem bolsa, bu ýerde ol öňüňizde täze sepgidiň durandygyny şöhlelendirýär.

01:01, 1:11, 11:11

Duýgularyňyza üns bermelidigiňizi aňladýar. Bu sanlar has köp gabat gelýän bolsa, onda siz dogry ýoldan barýarsyňyz.

02:02, 2:22, 22:22

2-lik san gatnaşyklar bilen bagly hasaplanylýar. Eger bu sany ýygy-ýygydan görýän bolsaňyz, onda daş-töweregiňizdäkileri ünsden düşürmäň. Bu ýürekdeşleriňiz ýa-da ikinji taýyňyz bolup biler.

03:03, 3:33

Gaýtalanýan 3-lik siziň durmuşyňyzda deňagramlylygyň ýetmeýändigini alamatlandyrýar. Diýmek, siz hemişe bir tarapa üns berip, beýleki möhüm zatlary ünsden düşürýärsiňiz.

04:04, 4:44

Dörtlük öňüňizde bir çözülmeli meseläniň bardygyny aňladýar. Şeýle ýagdaýda iş we şahsy durmuşdaky bäsdeşliklerden gaça durmak maslahat berilýär.

05:05, 5:55

Siz sagada seredeniňizde, 5-lik sana gabat gelseňiz, bu – ýakyn geljekde arakesmäniň boljakdygynyň alamaty. Şol arakesmeden soň durmuşyňyz gowy tarapa özgerer.

12:12

Maddy ýagdaýyňyzyň gowulanjakdygyny aňladýan bu 12-liklere gabat gelseňiz, meýilnamalaryňyzy bökdençsiz iş ýüzüne geçirip bilersiňiz.

14:14

Sagatda gabat gelýän bu sanlar söýgi, mähir doly duşuşyklary we täze tanyşlyklary alamatlandyrýar.

16:16

Öňüňizde duran maksadyňyza ýakynlaşdyrýan menziliň bardygyny aňladýar. Bu pursatdan ýerlikli peýdalansaňyz, uly üstünliklere ýetmegiňiz mümkin.

19:19

Deňagramlylygy, sazlaşygy alamatlandyryp, ajaýyp döwrüň başlanýandygy aňladýar. Eger-de siz bu sana ýygy-ýygydan gabat gelýän bolsaňyz, ony durmuşyňyzda oňyn özgermeleriň boljagyny alamatlandyrýan nyşan hökmünde kabul edip bilersiňiz.

23:23

Garaşylmadyk täzelikleriň we gatnaşyklaryň has-da gowy tarapa ýol almagynyň alamatydyr.

Biz meňzeş sanlaryň aňladýan manylaryny öwrendik. Indi bolsa «aýna düşýän ýaly», ýagny biri beýlekisiniň tersini şöhlelendirýän sanlaryň aňladýan manylary bilen tanyş bolalyň.

01:10 – söýgi sizi gurşap, durmuşyňyzda ýyly giňişligi emele getirer.

02:20 – günüňiz şatlykly wakalardan, ajaýyp täzeliklerden püre-pür bolar.

03:30 – daş-töweregiňizde kimdir biri size çuňňur duýgusyny beýan etmek

isleýär.

04:40 – ýalňyşlyklara düşünip, işiňize jogapkärçilikli çemeleşmegiň wagty geldi.

05:50 – keýpiňizi göterjek garaşylmadyk sowgada eýe bolarsyňyz.

10:01 – siziň egindeşiňiz ruhy taýdan ejizlik çekýär, ony goldamak maslahat berilýär.

12:21 – sizi gurşap alanlaryň edýän gürrüňlerine ähmiýet bermän, diňe öňe ädim ädiň.

13:31 – käbir kynçylyklara duçar bolanyňyz-da, ähli zadyň wagtlaýyndygyny ýadyňyzda saklaň.

14:41 – maliýe ýagdaýyňyzyň biraz pese düşmegi mümkin, emma oýlanyşykly hereket etseňiz, bu ýagdaýdan baş alyp çykarsyňyz.

15:51 – kimdir biri geljegini siz bilen baglamak barada pikir ýöredýär.

20:02 – ýakynlaryňyz bilen söhbetdeş bolmagyň we olaryň göwnüni görmegiň wagty geldi.

21:12 – siziň gowy durmuşda ýaşamagyňyzy alada edýänler bar.

23:32 – öňde goýan maksatlaryňyza bökdençsiz ýetmek isleýän bolsaňyz, ädimiňizi oýlanyp ätmek maslahat berilýär.

Üns beren bolsaňyz, sagatlary mahabatlandyrýan görkezme esbaplarynda köplenç 10:10 sanyna gabat gelýäris. Bu bolsa ýylgyryp duran şekili alamatlandyryp, oňa özboluşly öwüşgin çaýýar.

Ýagny her birimiziň ýüzümiziň bezegi ýylgyryşdyr. Goý, siziň sagada seredeniňizde gabat gelýän meňzeş sanlaryňyz diňe üstünligi peşgeş etsin, ýüzüňize ornan ýylgyryş müdimilik şugla saçsyn!

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info