Möjeklerden gorkmak gerekmi?

MilliInfo

9 Fewral, 2026

Adamlar bilen möjekleriň özboluşly gatnaşygy bar. Muňa gapma-garşylykly gatnaşyk diýse bolar. Rus ertekilerinde möjekler käwagt kömekçi hökmünde görülýär, beýlekilerde bolsa hyýanatçy duşman hökmünde görkezilýär. Hakyky durmuşda bolsa adamlar möjeklere tebigatda duş gelende, olary gönüden-göni howp hasaplaýarlar.

«Книга животных» («Haýwanlar kitaby») kanaly möjekleriň adamlara hüjüm etmeginiň sebäbini öwrendi.

Möjeklerde guduz keseli bu hüjümleriň mümkin bolan sebäpleriniň biri hökmünde görkezildi. Bäş ýyl mundan ozal norwegiýaly ylmy işgärler soňky 18 ýylyň dowamynda dürli ýurtlarda möjekleriň adamlara hüjüm etmegi baradaky maglumatlary çap etdiler. 380 ýagdaýyň 78 %-i guduz möjekler bilen baglanyşyklydy.

Görkezilen ikinji sebäp adamlaryň olary öjükdirmesi bilen bagly boldy. Has dogrusy, möjegiň özüne we çagalaryna gönüden-göni howp hökmünde kabul edýän hereketleri.

Möjekler käwagt aç wagty adamlara hüjüm edip bilerler. Aslynda adamlar möjekler üçin adaty bir aw däl, ýöne bu jandarlaryň aç wagty şeýle ýagdaý ýüze çykyp biler.

Möjekler konserwatiw, seresaply, gorkak we täsin jandarlardyr. Geçen asyryň dowamynda adamlaryň gatnaşygynyň barha çäklenmegi sebäpli, ynsanlar olar üçin düşnüksyz we nätanyş bir närsä öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info