Näme sebäpden nahary taýajyklar bilen iýýärler?

MilliInfo

15 sagat öň

Gadymy döwürlerden bäri Hytaýda we Ýaponiýada naharlary taýajyklar bilen iýmek adaty bir zat. Taýajyklar bilen iýmegiň peýdaly tarapy, birinjiden, ol islendik agaçdan aňsatlyk bilen ýasalýar, ikinjiden, taýajyk bilen ​​çeýnäp biläýjek mukdaryňdan has köp iýmit alyp bolmaýar. Taýajygyň üçünji peýdasy hem saglyk bilen bagly: hytaýly lukmanlaryň pikiriçe, taýajyklary ulanýan adam nahar iýip otyrka, eliň 40 töweregi myşsalaryny hereketlendirýär.

Şeýle-de taýajyklar bilen iýmeigi öwrenip başlan çagalaryň adaty çemçe bilen iýýänlerden has çalt ösýändigi subut edildi. Mundan başga, taýajyklar olaryň ulanylýan ýurtlarynda simwoliki mana eýe hasaplanýar. Täze durmuşa guranlara, sazlaşygyň we aýrylmazlygyň nyşany hökmünde taýajyk berilýär. Taýajyklar ýerli ýaşaýjylar tarapyndan «kuaiszi» diýlip atlandyrylýar. Gadymy hytaý akyldary Konfusiý hem taýajyklar bilen iýmitlenmegiň naharyň lezzetini artdyrýandygyna ynanypdyr. Hytaýda taýajyklar bilen iýmek iýmite bolan minnetdar garaýyşy görkezýär.

Sowgat gutularynda, adatça iki jübüt «kuaiszi» taýajyklary satylýar. Her taýagyň inedördül ýokarsy we tegelek düýbi bolup, ýokarky dörtburçlyk ujy taýagyň stoldan gaçmagynyň öňüni alýar. Tekiz kesilen aşaky bölegi bolsa nahar iýlende agyz synasyna şikes ýetmek howpuny aradan aýyrýar.

Taýajyklar diňe bir agaçdan däl, süňkden ýa-da metaldan hem ýasalýar. Gonkongyň Golliwud ýolunda gadymy farfor «kuaiszini» satyn alyp bilersiňiz. Häzirki wagtda dürli bezegli reňkli taýajyklar meşhur syýahatçylyk önümidir.

Taryhy tarapdan seretsek, dürli döwürlerde taýajyklar her hili materiallardan ýasalypdyr, ýöne ýeňil bambuk taýajyklary wagtyň synagyndan geçip, ähli wagtda hem amatlylygy bilen tapawutlanypdyr. Miladydan öňki XVII-XI asyrlarda Şan neberesiniň döwründe taýajyklar şol döwürdäki iň gymmat material hasaplanylan pil süňkünden ýasalypdyr. Günbatar Çžou dinastiýasynyň döwründe, ýagny b.e.öňki XI-VIII asyrlarda taýajyklar bürünçden ýasalyp, ol imperiýanyň aýratyn derejä eýe bolan alamaty hasaplanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen taýajyklar ýasalanda, kümüş ulanylyp başlanypdyr. Umuman, häzirki wagtda taýajyklar bu ýurtlarda iň bir ýörgünli önümleriň biri hökmünde arzylanýar. 

 

 

 

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info