Näme üçin ýaşymyz ulaldygyça wagt has çalt geçýän ýaly duýulýar?

2 sagat öň

Göwher Mollamyradowa
Näme üçin ýaşymyz ulaldygyça wagt has çalt geçýän ýaly duýulýar?

Çagalykda tomusky dynç alyş möwsümi tükeniksiz döwür bolup görünýärdi. Doglan günümize sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk, Täze ýyl baýramy bolsa uzakdaky arzuw ýalydy. Indi welin, aýlar göz açyp-ýumasy salymda geçip gidýän ýaly. Eýsem, wagt, hakykatdan hem, çaltlaşýarmy ýa-da ony kabul edişimiz üýtgeýärmi?

Aslynda, sagadyň dili öňküsi ýaly hereket edýär. Üýtgeýän zat — biziň wagt baradaky duýgymyz.

Çagalykda dünýä täzeliklerden doludy. Ilkinji gezek gören ýerlerimiz, öwrenen zatlarymyz we başdan geçiren wakalarymyz ýadymyzda aýratyn orun tutýardy. Täze tejribeler köp bolansoň, şol ýyllar ýadymyza düşende, has uzak dowam eden ýaly duýulýar.

Ýaşymyz ulaldygyça bolsa gündelik durmuşymyz gaýtalanýan endiklere öwrülýär. Günler biri-birine meňzeş boldugyça, beýnimizde täze ýatlamalar hem azalýar. Netijede, geçen aýlar we ýyllar has gysga ýaly görünýär.

Mundan başga-da, bir ýylyň ömrümizde tutýan paýy hem möhümdir. Bäş ýaşly çaga üçin bir ýyl ömrüniň uly bölegi bolsa, 50 ýaşly adam üçin ol has kiçi paýdyr. Bu hem wagtyň çalt geçýän ýaly duýulmagyna täsir edip biler.

Wagty haýalladyp bilmesek-de, durmuşymyza täzelik goşup bileris. Täze zatlary öwrenmek, syýahat etmek we ýakynlarymyz bilen ýatdan çykmajak pursatlary paýlaşmak günlerimize has möhüm many çaýýar.

Belki-de, mesele wagtyň çalt geçmeginde däl-de, onuň nähili geçýändigini duýman galmagymyzdadyr. Çünki wagt yzyna dolanmaýar, ýöne şu günki ýönekeý bir pursadymyz hem ertir iň gymmatly ýatlamamyza öwrülip biler.

Göwher MOLLAMYRADOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info